AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy.
Şu gün, 21-nji ýanwarda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan bu saparynyň Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen utgaşandygy aýratyn nygtaldy. Bu ugurda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk we gorlary peýdalanmak boýunça bilelikdäki hereketleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň netijeliligini aýratyn bellediler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň sebit we halkara formatlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň döwrebap awtoulag, demir ýol we deňiz infrastrukturasyna eýe bolan ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda (Lapis Lazuli) Ylalaşygyň wajyplygy barada aýratyn bellenip geçildi. Mälim bolşy ýaly, taraplar ulag we aragatnaşyk ulgamynda döredilen özara hereketleriň üçtaraplaýyn hökümetara formatyň çäklerinde Lapis Lazuli geçelgesiniň mümkinçilikleriniň berkidilmegine itergi bermäge meýillidirler.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meseleleri barada hem pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryny berk taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigi hem bellenilip geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.