Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.
Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniiň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygynyň döredilmegi we milli öwüşginde bolmagy möhüm talap bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur alynmalydygyny,olarda alabaýlara mahsus wepadarlygyň, edermenligiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän mill binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatlylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we onuň amatly giňişlikde ýerleşmegi häzirki döwrüň talabyna we alabaý itleriniň tebigatyna kybap gelýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna guralýan dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere laýyk derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlar içgin öwrenilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralýan sergide alabaý itleriniň özboluşlylygy, wepadarlygy, gaýduwsyzlygy öz beýanyny tapmalydyr.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.
Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda halkymyzyň alabaý itlere ideg etmegiň usullaryny häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda onuň çägine aýlanyp gördi we toplumyň münberine çykyp, bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady we desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe toplumyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onda zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şeýle hem bu ýerde halkara ähmiýetli çäreler geçirmek üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýolugra dag etegindäki nurana ýollaryň çatrygynyň merkezinde oturdylan heýkeliň ýanynda saklandy. Ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldildi.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Şükür bagşy özüniň şabram şelpeli dutary bilen türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitabynda has aýdyň beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligiň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriniň gülzarlyga öwrülmegine ünsi çekip, bu ýerleriniň arassaçylyk we ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy we ýoluny dowam etdi.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar.Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda abadanlaşdyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň käbir öýleriniň meýdany 638 inedördül metre barabardyr. Ýeri gelende aýtsak, ýaşaýyş jaýlarynda köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenen 6 we 7 otagly öýleriň bardygyny aýratyn bellemeli.
Şeýle hem aşhanalaryň, myhman otagynyň, ýatylýan otaglaryň, çagalar üçin niýetlenen otaglaryň abadanlaşdyrylyşy, şol sanda otaglary sanly ulgam bilen enjamlaşdyrmak, mebeller bilen üpjün etmek gönüden-göni ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz otaglarda döredilýän şertler bilen tanşyp, olaryň bezeg aýratynlyklarynda, abadanlaşdyrylyşynda türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleriň üpjün edilmelidigine, şunda işleriň ýokary hil derejesineähmiýet bermelidigine ünsi çekip, meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýerler Ş.Durdylyewe we Ç.Gylyjowa hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkezde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryna, olaryň içki we daşky bezeg işlerine, ulanylýan gurluşyk serişdelerine degişli taslamalar görkezildi.
Şeýle hem bu ýerde oturdylan monitorda toplumyň umumy görnüşi barada giňişleýin maglumat berýän şekiller, toplumyň çäginde oturdylýan suw çüwdürimleriniň işleýiş aýratynlyklaryny beýan edýän görnüşler görkezildi. Suw çüwdürimleriniň işinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýasy işjeň ulanylyp, olaryň hereketi joşgunly sazlar bilen utgaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkara ülňülerine, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowtäze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly degişli nyşany taýýarlamak, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde sungat ussatlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Taryhyň dowamynda Aşgabat şäherini wasp edýän birnäçe sungat eserleri döredildi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyk gazanan Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymy köp nesilleriň ýadyndadyr.
Häzirki döwürde hem Aşgabady wasp edýän aýdymlaryň sany barha artýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalar, estradaçylar ýurdumyzyň baş şäheriniň wasp edýän aýdymlary döretdiler we ol eserler halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, onuň halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigini, onda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Milli LiderimizAşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy.
Häzirki döwürde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär we munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Şäher duralgalarynda ýolagçylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine, olarda wagty bilmek we ýurdumyzyň durmuşyndaky täzelikler bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygynyň we Türkmenistanda maýa goýum syýsatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda işler bellenilen meýilnama laýyk derejede alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimizbankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriniň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkeziň bankyň başlygy M.Annadurdyýewegurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy, Fransiýanyň belli “Bouyges Batymant International” kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bina edilýän desganyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlap, gurluşygyň kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyny belledi.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurulýan ýerine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz bankyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, onda işgärler üçin bolşy ýaly, bankyň müşderileri üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem bankyň işinde müşderilere hyzmatlaryň dürli görnüşleri, şol sanda sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlar hödürlenilmelidir. Şunlukda, bu ýerde alnyp barylýan işler ýokary halkara tejribelerine, täzeçil tehnologiýalara daýanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bankyň binasynyň içki bezeg işleri bilen gyzyklanyp, onda milli bezeg aýratynlyklaryna, bankyň diwarlarynda türkmen halylary bilen baglanyşykly bezeglere möhüm ähmiýet berilmelidigini, iň esasy bolsa, bankyň hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu ýerde alnyp barylýan işi yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Şunlukda, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şol birwagtyň özünde binalaryň inženerçilik-tehniki düzümleriniň we yşyklandyryş ulgamynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer Ş.Durdylyýewe bu ugurda alnyp barylýan işleri yzgiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenip, paýtagtymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli işe girizilmegi meýilleşdirilýän desgalarynda alnyp barylýan işleri hem-de şäher ilatynyň durmuş düzümine degişli wajyp meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipesiniň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçilik etmekden ybarat bolup durýandygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, olaryň üpjünçilik derejesi bilen baglanyşykly meseleleri hemişelik üns merkezinde saklamak we bu babatda zerur bolan çözgütleri kabul etmek babatda tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklarynda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede guramak we müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini, derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň bank-maliýe düzümlerine döwrebap usullary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we bu ugurda bar bolan oňyn halkara tejribesini çuňňur öwrenmek we olary ornaşdyrmak meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowhalk hojalygynyň ähli toplumlaryna ornaşdyrylýan häzirkizaman usullarynyň we tehnologiýalaryň, milli ýörelgeleriň, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine mahsus dessurlaryň giňlen wagyz edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra “Nusaý” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde şäher ilatynyň ulag üpjünçilik meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesiniň dabaralandyrylýan ýylynda amala aşyrylýan işler “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş saparynyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ülgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny ýene bir gezek belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.