TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Global wehimleriň çarçuwasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işini işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Taraplar sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başyny başlamak bilen, Türkmenistanyň YHG-nyň maksatlaryna ýetmek ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly wajyp ulgamlarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.
YHG-nyň platformasynda işjeň gatnaşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar ykdysady integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagy ugrundaky köptaraplaýyn özara hereketleriň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.