Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyrp meselelere garaldy.
Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda häzirki zaman harby tehnikalaryna aýawly çemekleşmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwlet serişdeleriniň hasabyna olar üçin iň häzirki zaman uçarlary, dikuçarlary, gämiler, harby we ýörite tehnikalar satyn alynýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň ygtyýarynda bar bolan harby tehnikalardan ýokary derejeli baş alyp çykýan, öz işine ökde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Bu tehnikalaryň we enjamlaryň ulanylan görnüşleri babatda kadalaşdyryjy namalara gaýtadan seretmegiň wajypdygy, zerurlyk bolsa, olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça zerur işleri geçiirmek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bar bolan harby tehnikalary kesgitlenen düzgüne laýyklykda peýdalanmak, bu ugurda düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde milli goşunyň düzümlerinde häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hasabat berildi.
Şeýle hem Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän Watan goragçylarynyň güni hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döeridilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa IIM-niň edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň öüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabatyň çäklerinde ýollarda ýol-ulag hereketiniň düzgünilerini berk berjaý etmek, ýurdumyzyň umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerinde ýol hereketiniň düzgünleri boýunça giňişleýin wagyz-nesihat işlerini alyp barmak çäreleri dowam etdi.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli ugurlarda, şol sanda Döwlet serhet gullugynda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbangýly Berdimuhamedow prokuror barlaglarynyň netijeleri boýunça degişli Permana gol çekip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ş.Dyrdyýewi Döwlet serhet gullugynyň başlygy Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatdy. Şeýle hem ol degişli Permana laýyklykda general-maýor harby adyndan podpolkownik harby adyna çenli peseldildi. .
Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary – baş karargähiň serkerdesi I.Ilamanowa we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary A.Çaryýewe berk kjýinç yglan edildi hem-de olara ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgumyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu işler häzirki taryhy eýýamyň talaplary nazara alnyp, umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar aýynlda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek we halkymyzyň döredijilikli zähmeti, bagtyýar durmuşy üçin möhüm şert bolup durýan parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri B.Muhamedow dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek ugrunda 2021-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň bitrinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini umumylaşdyryp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu ugurda durmuşa geçirýän çäreleri utgaşdyrmak boýunça amala aşyran işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyöjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmak, milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini we olaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, edermen pederlerimiziň şöhratly harby däplerini döwrebap derejede dowam edýän harby gullukçylary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň hünär derejeçsini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýändigini belledi.
Häzirki döwürde giňden we dabaraly bellenilýän bu baýram ýurdumyzyň edermen harby gullukçylaryna we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine bildirilýän hormatyň, olar hakyndaky yzygiderli aladanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes harby kasama wepaly Watan goragçylary döwlet Garaşsyzlygyny, serhet eldegrilmesizligini we konstitusion gurluşy goraýarlar. Şunlukda, kanunçylyk we hukuk tertibi, adamlaryň we her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň kanuny bähbitleriniň, şeýle hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitleriniň goragy üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, hemişe päk ýürek bilen gulluk borçlaryny ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurudumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permanlara gol çekdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýratyn tapawutlanan işgärlerine hormatly derejeler berildi.
Döwletimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin adalat ministri Begmurat Muhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem oňa ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.
B.Muhamedow sylaglary üçin hoşallyk bildirip, kasam kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, podpolkownik Ýazgeldi Nuryýew Döwlet serhet gullugynyň başlygy-Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinnden boşadyldy. Şeýle hem oňa podpolkownik harby ady dakyldy.
Ý.Nuryýew kasam kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, polkownik Muhammetgeldi Agageldiýew Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
M.Agageldiýew kasam kabul etdi.
Milli Liderimiz döwleitimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Maksat Hudaýkulyewe podpolkownik harby adyny dakdy we degişli Permana gol çekdi.
M.Hudaýkulyýew kasam kabul etdi.
Mejlisiň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, oňa laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, şeýle hem olaryň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglananlary hem-de täze harby atlara we derejelere mynasyp bolanlary tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi.
Biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary hakynda hemişe alada edýäris. Olaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, oňat dyns almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti , ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny we ähli harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriiban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen gulluklarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.