TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ PLATORMASYNDA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşygyna» gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara bähbitli gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow türkmen tarapyndan bu resminama gol çekdi.

Onlaýn görnüşinde geçirilen gol çekmek dabarasyna ÝUNESKO-nyň Pariždäki merkezi edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bu resminama gol çekmek bilen türkmen tarapy sebit hem-de halkara derejelerinde medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen köpugurly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ygrarlydygyny we bu ugurdaky tagallalaryny ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu taryhy fenomen tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine ähmiýetli täsirini ýetiren özboluşlylyk hökmünde öňe çykarylýandyr.

Mälim bolşy ýaly, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň çarçuwasynda, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ýygjamlaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandyr. ÝUNESKO ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri we onuň bilermenleri bilen köpýyllyk bilelikdäki işleriň netijesinde Türkmenistan medeniýet, bilim, ylym, ekologiýa ýaly ulgamlarynda ähmiýetli görkezijileri gazandy.