Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.
Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda dokma pudagy üçin pagta ösdürilip ýetişdirilýändigini hem-de bugdaý we köpsanly beýleki azyk önümleriniň öndürilýändigini belledi. Bu önümler bolsa, söwda toplumyna degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, söwda toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr.
Häzirki wagtda söwda, dokma we telekeçilik pudaklaryny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygymyza garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şularlan ugur alnyp, iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi. Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ministrligiň garamagynda kärhanalaryň jemi 157-si bar. Hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň ösüşi 106,6 göterime, önümçiligiň möçberi 116,1 göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ilatymyzy azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri we zerur harytlary daşary ýurtlardan getirmek arkaly sarp ediş gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şu güne çenli Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalara degişli desgalaryň 138-si kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyryldy. Şeýle hem önümçilik kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususy talaplar bilen bilelikde olary döwrebaplaşdyryp, önümçiligi artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda elektron söwda ulgamyny has-da giňeltmek, dükanlaryň we söwda kärhanalarynyň hasabatyny sanly ulgamyň üsti bilen ýola goýmak, onlaýn söwda düzgünlerini halkara tejribeleri esasynda kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Ministrligiň garamagyndaky Kompýuter tilsimaty merkezinde okuwçylar üçin kompýuterleriň önümçiligi alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ministre söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, import önümleriniň önümçiligini ösdürmek, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi hususy ulgamyň maýalaryny milli ykdysadyýete çekmäge, bäsdeşlige ukyply bazary kemala getirmek üçin şertleri döretmäge, import önümleriniň ýerini tutýan we eksport harytlarynyň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.
Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ministr 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň 60-sy hereket edýär. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüşi 107,4 göterime barabar boldy.
Önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge pagta egriji kärhanalarynda döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Şu ýylda Tagtabazar pagta egriji kärhanasynda döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmek, Daşogzuň “Serdar” pagta egriji fabriginde hem-de Baýramaly dokma toplumynda täze önümçilikleri döretmek we kuwwatlyklary artdyrmak boýunça işler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Gypjak we Gökdepe dokma toplumlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işinde ýol berilýän kemçiliklere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi ýerine ýetirilmegi esasy işleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurtlarda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawy zerurdyr.
Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de ýurdumyzyň içerki lomaý bazaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ulgamynda 6 kärhana bar. 2020-nji ýylyň ýpanwar-dekabr aýlarynda 283 sany birža söwdalary geçirildi. Şeýle hem umumy bahasy 46 milliard 363 million manada deň bolan şertnamalar bellige alyndy. Girdejiniň ösüşi 108,4 göterime barabar boldy.
“Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyna” laýyklykda biržanyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesinde ugur alnyp, birinji tapgyrda şertnamalary bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertler döredilýär.
Bu ulgamyň girizilmegi bilen birža hyzmatlaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmakda mümkinçilik dörediler. Umuman, resminama dolanyşygynyň döwrebap usullarynyň ýola goýulmagy zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, şonuň bilen birlikde maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarynda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el haly we haly önümleri dokaldy. Hasabat döwründe 2 müň 495 inedördül metr haly eksport edildi. Ösüş 105,1 göterime deň boldy.
Şeýle hem hasabatda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary bilen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns berilýändigi we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Hususan-da, el halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Birleşigiň ýolbaşçysy el halylary dokamakda ulanylýan çig mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy has-da ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bütin dünýäde şöhrat gazanan köpasyrlyk milli halyçylyk däplerini häzirki döwürde mynasyp dowam edýän halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek baradaky meselelere yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.
Soňra iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hem telekeçi halyçylaryň alyp barýan işleri, dokaýan halylarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Halaç etrabynda haly önümçiliginiň ýola goýlandygy, mundan başga-da, haly önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, birnäçe işleriň alnyp barylýandygy, hususan-da, Saud Arabystany Patyşalygynda “Berkarar” söwda dükanynyň işleýändigi, onda türkmen halylarynyň satylýandygy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halylaryň türkmen halkynyň mirasydygyny, olary dokamakda tebigy ýüplügiň ulanylýandygyny, şoňa görä-de, wagtyň geçmegi bilen halylaryň has-da owadanlaşýandygyny belledi. Bu bolsa esasan halylaryň çitimi bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz bu gadymy el sungatynyň şöhratynyň hemmeleri geň galdyryp, türkmen halylarynyň wagtyň geçmegi bilen reňkiniň solmaýşy ýaly, ençeme ýüzýyllyklardan bäri hiç öçmän, dünýäniň dürli künjeklerinden halynyň sarpasyny belent tutýan köpsanly adamlary häzire çenli haýrana goýýandygyny nygtady.
Şoňa görä-de, milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa söz berildi. Ol gazanylan ägirt uly durmuş-ykdysady üstünlikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde hem-de işewür maslahatlarda giňden beýan etmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, işewürligi giňeltmek we Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda meýilnama 126,3 göterim ýerine ýetirildi. TSSE-niň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 102,7 göterime deň boldy. 2020-nji ýylyň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sergileriň 8-si we işewürlik maslahatlarynyň 31-si, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan halkara sergi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şonuň çäklerinde halkara maslahaty we işewür duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de resminamalaryň 130-dan gowragyna, şol sanda ýurdumyzda öndürilen harytlary eksporta ýerlemek boýunça umumy bahasy 72,8 million amerikan dollaryna barabar bolan şertnamalara gol çekildi.
Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly wirtual sergi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.
Biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki döwürdäki gazananlary, halkymyzyň köp asyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almaklary üçin hemme mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, munuň şeýle bolmagyna iri möçberli halkara gözden geçirişlerine yzygiderli gatnaşylmagy gönüden-göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Dubaýda “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlaryny mahabatlandyrmaga we öňe ilerletmäge hem-de dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa guramanyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Senagat önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş 103,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça 134 göterime barabar boldy. Söwda-haryt dolanyşygy 103,7 göterime, ilata edilen hyzmatlar bolsa 110,1 göterime deň boldy.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksportuň mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Döwletiň goldaw bermegi netijesinde, hususyýetçiler tarapyndan daşary ýurtlara eksport edilýän senagat we azyk harytlarynyň möçberi artdy.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, TSTB-niň agzalary sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalar Internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli Internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň esasynda 2020-nji ýylda
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 44-siniň gurluşygy tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek işinde uly tejribe topladylar. Ýurdumyzyň telekeçilerinň öndürýän önümleri ilatyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.
Bu ugurda işleri dowam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän Söwda öýleriniň we birleşmäniň wekilhanalarynyň sanyny artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz TSTB-niň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi.
Ilaty ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezpeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şoňa laýyklykda, bu ekinleriň welaýatlarda ekilýän meýdanyny artdyrmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça daýhan birleşikler bilen bir hatarda, hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurda hususy önüm öndürijilere döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin berlen ýer böleklerinde ekinleriň ýokary hasylyny öndürmek ugrunda bellenen işler maksadalaýyk ýerine ýetirilýär.
Hasabatyň çäklerinde galla önümleri kärhanalarynda öndürilýän bugdaý uny we çörek önümleri bilen ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda dükanlaryna hem-de çörek kärhanalaryna bu önümleriň zerur bolan möçberiniň goýberilýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny pagta önümleri bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu ugurda pagta arassalaýyş kärhanalarynda gowaça hasylyny gaýtadan işlemek hem-de öndürilýän pagta süýümi bilen Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tohumlary döretmegiň, bu işlerde ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere käbir görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde alyp barýan işleriniň toplumlaýyn hem-de utgaşykly ýola goýulmagynyň oňyn netije berýändiginiň halkymyzyň azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmeginde hem aýdyň görünýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, durnukly ösüş depginini saklap galmak maksady bilen, söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyna degişli düzümleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny, şol sanda hususy telekeçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy ulgamyny goldamagy güýçlendirmek, şol sanda kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömegini bermek zerurdyr.
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly söwdany guramagyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça işler döwrüň talabyna gabat gelmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň örän köp işlemelidigini aýtdy.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bazarlarda we dükanlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, satyn alynýan import harytlarynyň bahalaryny düýpli seljermek hem-de bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada görkezme berdi.
Alyjylar birleşmesine degişli önümçilik we hyzmat ediş desgalaryny tapgyrlaýyn esasda bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagaty ministri R.Rejebowa ýüzlenip, ýubileý ýylynda öndürilýän önümleriň möçberlerini, görnüşlerini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz içerki we daşarky bazaryň isleglerini yzygiderli öwrenip, kärhanalaryň önümçiligini müşderileriň buýurmalary esasynda dolandyrmagy ýola goýmagy, dokma senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilip, içerki bazardan artýan we eksport edilýän önümleriň, harytlaryň erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda satylýan möçberlerini artdyrmak barada görkezmeleri berdi.
MIlli Liderimiz täze bazarlary we ýerlemek usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleri köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ministre bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljerip, sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmak, harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewe ýüzlenip, geçen ýyl kabul edilen, «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri we işleri öz wagtynda hem-de doly ýerine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda eksport maksatly önümleriň bahalarynyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bäsleşik esasynda ýokary bolmagyny gazanmak, biržanyň işine sanly ulgamy we tehnologiýalary ornaşdyrmak, hyzmatlary Internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak, elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça çäreleri gyssagly geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini hem-de nyrh emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmek, nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek barada tabşyryklar berildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa gadymdan gelýän halyçylyk sungatymyzyň milliligini we nepisligini saklap galmak bilen, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlenýän önümleriň möçberini hem-de täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan walýuta serişdelerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem ýubileý ýylynda haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramak hem-de halyny sargyt etmekde, taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Halyçylyk kärhanalarynyň çig-mal üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýubileý ýylynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça usulyýet taýdan ýardamy güýçlendirmegiň, täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmakda hususy taraplara goldaw bermegiň hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa anyk tabşyryklary berdi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda üpjün edijileriň hem-de harytlary öndürijileriň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek zerurdyr. Munuň üçin dürli görnüşli sergiler we maslahatlar guralmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe tabşyryklary berip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwrebap önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini has-da artdyrmak boýunça çäreleri dowam etmek zerurdyr.
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşmalydyrlar hem-de hususy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşmalydyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň doly durmuşa geçirilmegini gazanmak, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gök, bakja we miwe önümleri bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bolelin üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, hyzmatlar ulgamynyň hem-de önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Söwda toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işleriniň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramalydygyny belledi.
Döwlet tarapyndan dokma pudagyna uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeliligini we girdejilerini artdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Pes görkezijili işleýän dokma kärhanalaryny dolandyrmakda täzeçe usullary ulanyp, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususy maýadarlary çekmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.
Şeýle hem wise-premýere daşary söwdany ösdürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, önüm öndürijiniň, biržanyň, söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet gulluklarynyň özara sazlaşykly işlemegini guramak, harytlaryň eksportyny ýeňilleşdirmek we talap edilýän resminamalaryň zerurlygyny gaýtadan seljermek tabşyryldy.
Dokma we haly senagaty kärhanalarynda marketing işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harytlary sargyt boýunça taýýarlamakda we ýerlemekde internet-söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem ýubileý ýylynda ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny güýçlendirmek, özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma (brend) önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmak üçin, Türkmenistanyň beýleki ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen 2020-nji ýylda sygyr etiniň ýurdumyza daşyndan getirilen möçberiniň baha görnüşinde 32,5 göterim, ýeralmanyň 32,6 göterim, pomidoryň 94,4 göterim, soganyň 8,4 göterim, miweleriň hem 37,3 göterim azalandygyny aýtdy. Bu gowy zat.
Ýöne, guş etiniň getirilişi 6,9 göterim, ýumurtga 85,8 göterim, ösümlik ýagy hem 93,2 göterim artdy. Bu bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça bellän çärelerimiziň doly ýerine ýetirilmändigini görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylmalydyr. Milli Liderimiz içerki bazaryň azyk önümleri we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwda we eltip bermek hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmalydygyny, bazarlarymyzy we dükanlarymyzy azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl dokma önümleriniň eksport edilýän möçberi baha görnüşinde 1,1 göterim, halynyňky we düşekleriňki 71,8 göterim, ýüň boýunça 29,8 göterim, deri çig maly boýunça hem 43,1 göterim azaldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz dokma we haly pudagyna köp möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, bu pudaklaryň kärhanalarynyň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara daşary ýurt pulunda eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlap, ähli zerur çäreleri görmek, şeýle hem harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny hem-de görnüşlerini gözlemek tabşyryldy.
Bellenen wezipeler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny, buýurmalaryny, taýýarlanmagyny hem-de ýerlenmegini üpjün etmek üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda, dokma we haly senagaty pudaklarynyň kärhanalarynyň çykdajylarynyň düzümini seljermegi hemişe berk gözegçilikde saklamagy, netijeli dolandyrmagyň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna netijesiz çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegi talap etdi. Önümçilik enjamlary üçin satyn alynýan harytlary amatly bahalardan üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz hemişelik ulanylýan kömekçi serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlaryny, himiki serişdeleri, reňkleri we sarp ediş serişdelerini ygtybarly satyn almak boýunça öndürijiler we ygtyýarnama berijiler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi nygtady.
Daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we dokma esbaplarynyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi ýurdumyzda ýola goýmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenýän eksport harytlary üçin nyrhlaryň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmak, esasy eksport önümlerini iň ýokary birža nyrhlary boýunça ýerlemegi üpjün etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny her aýda seljermek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylsyz ulgamyň öňünde durýan wezipelere geçip, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 70 göterime barabardygyny aýtdy. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi goldamagyň ýerli merkezleriniň işini giňeltmek, kärhanalary dolandyrmak, marketingi we telekeçiligi ösdürmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça hyzmatlary ýola goýmak zerurdyr.
2020-2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021-2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu tabşyryklardan netije çykaryp, bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek barada toplumyň ýolbaşçylaryna görkezme berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny, söwda dolanyşygynyň ýagdaýyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik seljermek wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.