Daşkentde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Özbegistanyň Türkmen medeniýet merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostlukly gatnaşyklary» atly dabara geçirdi.
Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar Komitetiniň binasynda geçirildi.
Çärä ýokarda görkezilen Komitetiň agzalary, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, türkmen diasporasynyň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar Komitetiniň başlygy çykyş etdi. Ol hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki halkyň gatnaşyklaryň gadymýetden gözbaş alýandygyny belläp geçdi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Çäräniň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň Ilçisi çykyş etdi, ol iki goňşy ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtady we iki doganlyk halkyň milli garaşsyzlygyny gazanmagy bilen özara hereketleriň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belläp geçdi.
Dabaranyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan belent sepgitlerini we ýeten derejelerini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän stendler hem guraldy.