TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ТАLIBAN» HEREKETINIŇ SYÝASY EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halkyna ähmiýetli goldaw berýändigi, ilkinji nobatda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary ýaly wajyp strategiki ugurlarda owgan ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisi, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglanşdyrýan demir ýollar agzalan ulgamlardaky möhüm taslamalar bolup durýandyr.

«Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýokarda görkezilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça owgan wekiliýeti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi we žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Mundan soňra «Таliban» Hereketiniň Syýasy edarasynyň wekilleriniň metbugata ýüzlenmesi çap edilýär:

 

«Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Ilkinji nobatda sizi şu günki metbugat-konferensiýasynda görmäge şatdygymy beýan etmäge we özümi tanatmaga rugsat ediň. Men Mohammad Suhail Şahin, «Таliban» hereketiniň Syýasy edarasynyň we Gepleşikler toparynyň wekili bolup durýaryn.

Ilki bilen, Hereketiň syýasy edarasynyň adyndan Türkmenistana gelip görmek üçin çakylygy we görkezen myhmansöýerligi babatynda türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Düýn, biz saparyň çäklerinde iki metjide baryp gördük we türkmen halkynyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyş bolduk.

Şu gün, bu ýerde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow hem-de onuň wekiliýeti bilen açyk we dostlukly ýagdaýda gepleşikler geçirildi, onuň barşynda biz Bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna hem-de goňşy Türkmenistan tarapyndan Owganystana gatnaşykda durmuşa geçirilen, häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawa oňyn baha berdik.

Türkmenistan, musulman, goňşy, Bitarap döwlet bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we ýurduň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir we ýokary baha berilmäge mynasypdyr. Ýakyn wagtda TOPH, TOP ýaly taslamalaryň, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygyna başlanar, bularyň ählisiniň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we onuň ykdysady taýdan ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsizdir. Bir tarapdan, biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy ugrunda göreş dowam edýän wagtynda, biz beýleki tarapdan döwletimiziň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýarys.

Şunuň bilen baglylykda, «Таliban» Hereketi hökmünde, biz ýurdumyzda TOPH we beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini doly godaýandygymyzy beýan edýäris.

Üns bereniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin!»