Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. 

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletmiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen şu döwrüň içinde Türkmenistan parahatçylygy söýüji ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi. 

Häzirki döwürde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, parahatçylygy söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ugurda Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz uly işleri alyp barýarlar. 

Olar ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, gazanýan üstünliklerimizi giňden dünýä ýaýýarlar, Bitaraplyk syýasatymyzy iş ýüzünde amala aşyrýarlar. Hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha artdyrýarlar. 

Eýsem, berkarar döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünliklerini has-da berkitmek, Türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin geljekde haýsy ugurlara aýratyn üns bermeli, 

daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni - ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk nädip ösdürmeli? 

Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek üçin bilelikde nähili hereket etmeli? Halkara guramalary bilen gatnaşyklarymyzy nähili täzeçe guramaly? Şu gün şu soraglary ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara söz berdi. 

Ilki bilen Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berdi. Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini, hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň ýörelgelerini öwrenmek boýunça ylmy we amaly barlaglary alyp barýar hem-de milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek üçin deňeşdirme-hukuk seljermelerini geçirýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” düzgünnamalaryna laýyklykda, institut kanunçylygy işläp taýýarlamak we hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär. Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi halkymyzyň buýsanjydyr, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr. 

Bellenilişi ýaly, hasabatda institutda deňeşdirme-hukuk usulynda ylmy seljerme işleriniň geçirilýändigi şonuň netijeleri boýunça kanun taslamalarynyň 22-si boýunça teklipleriň we bellikleriň girizilendigi bellenildi. Şeýle hem pudaklaýyn düzgünnamalaryň we resminamalaryň taslamalarynyň 26-sy boýunça seljermeler geçirildi. Geçen ýylda hereket edýän kanunlara ylmy-amaly düzündiriş görnüşinde kitaplaryň ikisi neşir edildi. Şeýle hem institutyň gatnaşmagynda ylmy wideomaslahatlaryň 35-si guraldy.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri beýan edýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri hem kitaplarda, ylmy žurnallarda we beýleki döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär. 

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi. 

Institutda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. 

Bu ýerde hereket edýän okuw studiýasy geljekki halkara žurnalistlerine hünär endiklerini öwretmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýerli hem-de halkara habarlar giňişliginde giňden ýaýmak ugrunda telegepleşikleri taýýarlamaga oňyn ýardam berýär. 

Institutda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplary hem-de gollanmalar, sözlükler, ylmy monografiýalar yzygiderli neşir edilýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, institutyň gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezi açyldy. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň dünýäniň 23 döwletinden hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalary bilen onlaýn maslahatlary we duşuşyklary geçirildi. 

Soňra hasabat bermek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewe söz berildi. 

Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde milli we halkara derejede ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilim işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýaşlaryň watançylyk terbiýesine uly üns berilýär. Munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly eserleri hem-de maksatnamalaýyn çykyşlary ulanylýar. 

2020-nji ýylda uniwersitetde ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, ýaş alymlary ýetişdirmek, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler amala aşyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri dürli ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldular. 

Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, geçen ýyl dört daşary yurt okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk barada ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si bilen hyzmatdaşlyk edýär. 

Uniwersitetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň umumy mejlisleriniň ikisi geçirildi. 2020-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary internet arkaly guralan ylmy-amaly maslahatlaryň 70-den gowragyna, şol sanda halkara maslahatlara gatnaşdylar. 

Hasabat döwründe ýokary okuw mekdebiniň talyplary halkara we internet bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 22-sine, ýurdumyzda geçirilen ders bäsleşiklerinde – 128-sine mynasyp boldular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy seljermesine, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, mähriban halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hem-de däp-dessurlaryny wagyz etmäge berilýän ünsüň örän wajypdygyny nygtady. 

Bu işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär. 

Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklanyp, ýolbaşçylaryň hemişe öz talyplary üçin mynasyp görelde bolmalydygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim işini işjeňleşdirmegiň, mowzuklaýyn monografiýalary, döwletimiziň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan uly üstünlikleri wagyz etmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw kitaplaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.

Garalýan döwürde döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen birnäçe duşuşyklara we ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministr bilen duşuşyk geçirdi.

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary hem-de daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garalaýan döwürde wideo görnüşinde dürli duşuşyklar geçildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlislerini,daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi. 

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hil taýdan täze häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen sebitiň beýleki döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de şu ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama barada hasabat berdi. Bu maksatnamada görkezilen çäreleri we dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça şu günden başlap toplumlaýynn işler alnyp barylýar. 

Şeýle hem döwletimiziň oňyn daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatiýa ulgamynyň alyp barýan köptaraply işleri, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bile bagly çäreler barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejesinde dostlukly gatnaşyklary hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz DIM-niň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, şol meseleleri yzygiderli seljermegiň zerurdygy barada görkezme berdi. Olaryň işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir. 

Milli Liderimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda daşary syýasatymyzy amala aşyrmak boýunça işleri has-da güýçlendirmek üçin, hemmeleriň örän köp we tutanýerli işlemelidigini nygtady. 

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 

Şu institutyň ýolbaşçysyna şeýle hem dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini has-da güýçlendirmek tabşyryldy. 

Şunuň bilen birlikde, «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etmek, amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň, şol sanda demokratik özgertmeleriň mazmunyny we häsiýetini açyp görkezýän seljeriş makalalaryny çap etmek boýunça işleri has-da kämilleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady. 

Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy. 

Bilim bermek ulgamynda innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ulanmak bilen, ylmy-pedagogik düzümiň ýokary derejede taýýarlykly bolmagy gazanylmalydyr. Şonuň üçin mugallymlaryň hünär taýdan kämilligine uly üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş okuw mekdepleri bilen tejribe alşyp, zerur bolanda hünäri kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmagyň üpjün edilmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan okuw sapaklary bilen bilelikde, «onlaýn» sapaklaryny hem guramagy, talyplaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmagyny üpjün etmegi, ýokary bilim bermek üçin, okuw işine belli daşary ýurt alymlaryny we diplomatlaryny dürli ugurlar boýunça leksiýalary okamak üçin çagyrmagy, bu ugurda internet tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy. 

Dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenip, zerur bolan halatynda okuw meýilnamalaryna gaýtadan seretmek, şu ugurda talyplaryň dil taýdan taýýarlygyna aýratyn üns bermek, bu işde innowasion we sanly tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Türkmenistanyň ulag, energetika, suw, ylym we sport diplomatiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we açyp görkezmek maksady bilen, professor - mugallymlaryň hem-de talyplaryň bu ugurda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmek zerurdyr. 

Döwlet Baştutanymyz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Halkara hukugy boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr. 

Milli Liderimiz şeýle hem halkara işi boýunça ýaş hünärmenlerde hünär ussatlygy bilen birlikde, Watana wepalylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik we belent adamkärçilik häsiýetlerini terbiýelemegiň möhümdigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berdi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny ýurdumyzyň 2017–2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alyp barmaly. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023–2029-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirden başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2021–2023-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr. 

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmek hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şu ýylyň «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleriň hem-de maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen döwletimiziň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. Şu maksat bilen, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de içerki mümkinçilikleri ýokary derejede peýdalanmak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek zerurdyr. 

Milli Liderimiz sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we iri halkara guramalarynda goldawa eýe bolan teklipleriň hem-de halkara derejesinde kabul edilen çözgütleriň, şol sanda Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr. 

Aral deňzi bilen bagly ýüze çykýan zyýanly täsirleri azaltmak babatda sebit ýurtlary bilen anyk maksada gönükdirilen işleriň depgini güýçlendirilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ulanmakda Hazarýaka döwletleri bilen zerur hukuk binýadyny we meýilnamalary taýýarlamak işleriniň dowam etdirilmelidigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermegiň wajypdygyny belledi. 

Ykdysady, söwda, maýa goýumlar, ylym-bilim we tehnika, medeniýet hem-de beýleki ugurlary öz içine alýan, daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işjeňligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu toparlarda daşary ýurt işewürleri bilen gatnaşyklary has-da giňeltmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilmelidir. 

Türkmenistanyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtlardan uly möçberde harytlar, enjamlar, ýörite tehnikalar satyn alnanda, öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu önümleri amatly bahalardan satyn almakda we zerur maglumatlary alyşmakda olara ýardam etmelidigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi. 

Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky, «Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararlar bar. 

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu Karara gol çekjekdigini aýdyp, galan kararlara beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly bolansoň, olara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany barada aýdylanda bolsa, bu nyşan bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar. 

Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň ýurdumyzyň diplomatik düzümi üçin şanly wakadygyny nygtady. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, türkmen diplomatlarynyň üstünlikli işlemgi üçin ähli zerur şertler döredildi. Diplomatik gullugyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär, onuň işine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Degişli düzüm döwrebaplaşdyrylýar, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary üçin täze binalar gurulýar. Diplomatik işgärleriň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. 

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza şu günki duşuşyk hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça gymmatly öwüt-ündewleri hem-de maslahatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny birkemsiz durmuşa geçirmek, onuň halkara baraýyny has-da artdyrmak, milli Liderimiziň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.