TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUŇ DIPLOMATIK GULLUGYNA BEREN TABŞYRYKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE DEGIŞLILIKDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MEJLIS GEÇIRILDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn mejlisi geçirildi.

Mejlise şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşyk düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren iş maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp geçirildi. Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň daşary syýasy we diplomatik işini ýokary baha berendigini belläp geçdi, bu bolsa DIM-niň ulgamynyň ähli işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär we işjeň hereketleriň dowam edilmegi üçin iteriji güýç bolup durýandyr.

Döwlet Baştutanynyň ynsanperwerlik hukugy we ylmy ulgamynda halkara tejribesiniň özleşdirilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi hem-de türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň wesýetlerine eýerjek, belent watançylyk duýgusyna eýe boljak ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagy boýunça tabşyryklaryna jikme-jik seredilip geçildi. Ulag, energetika, suw, ylmy we sport diplomatiýasynyň ylmy esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň hem-de ýaýbaňlandyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň nazarda tutulmagynda, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ösdürilmeginiň diplomatik gullugyň esasy wezipesi bolmalydygy baradaky sözlerini mysal getirdi.

Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň üpjün edilmegi tabşyryldy.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Döwlet baştutanynyň geçiren mejlisiniň taryhy ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Çünki maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi, resminama laýyklykda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi.

Türkmen diplomatlary bu täzeligi aýratyn hormat we buýsanç bilen kabul etdiler hem-de özlerine ynanylan wezipeleriň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.