TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI 2021-NJI ÝYLYŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 15-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliyeti 2021-nji ýylynyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti ýakyn ýyllarda halkara jemgyýetçiliginiň aşakdaky möhüm ugurlara üns bermegiň zerurdygyny belledi - halkara hukugynyň pugtalandyrylmagy, ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, halkara terrorçylyga we transmilli howplar garşy göreşmek.

 Öňüni alyş diplomatiýasynyň irki döwürde jedelleri we dawalary çözmekde wajyp gural hökmünde ulanmak, energiýa, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek  meselelsinde goldaw bermek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly mowzuklara hem uly üns berildi.

Pandemiýany ýeňip geçmek we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça halkara tagallalarynyň birikdirilmegi ýakyn ýyllarda iň derwaýys meseleleriň biri hökmünde görkezildi. Bu hem-de global gün tertibindäki beýleki möhüm meseleleriň çözülmegi üçin bolsa parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak, jogapkärçilik we öňdengörüjilik ýaly esasy şertleriň üpjün edilen halatynda ýerine ýetirilip bilinjekdigi bellendi.