MEJLISIŇ BAŞLYGY «PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ PUGTALANDYRYLMAGYNDA AÝALLARYŇ ORNY» ATLY MERKEZI AZIÝA FORUMYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan «Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda aýallaryň orny» atly Merkezi Aziýa forumy göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirildi.
Ýokary derejede geçirilen foruma ÝHHG-niň häzirki Başlygy we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş Sekretary Helga Şmidt, şeýle-de ýurtlaryň parlamentariýleri we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda gender deňliginiň ilerledilmegi, şol sanda häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda duran aýallaryň kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.
Türkmen Parlamentiniň ýolbaşçysynyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurtda aýallaryň hukuklarynyň ähli ugurlarda üpjün edilmegi üçin binýatlyk esas döredildi. Bu ugurda 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen ikinji 2021-2025-nji ýyllar üçin Gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.