TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň «Zenanlaryň syýasy durmuşa gatnaşmagy» temasy boýunça onlaýn mejlis geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa we adam hukuklary bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa gatnaşdy.
Ş.Atajanowa öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň gender syýasaty, zenanlaryň ýurduň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň ähli ugurlaryna deň derejede gatnaşýandygy barada gürrüň berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça köp sanly meselede, şol sanda halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini berjaý etmek boýunça birnäçe işleri alyp barýandygy aýdyldy. Gender deňlik meselesi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Olaryň möhüm ugry aýal-gyzlaryň durmuş-ykdysady we medeni ösüşe mundan beýläk-de goşulyşmagyndan ybarat bolup durýar.