TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDA HOWPSUZLYK UGRUNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Üç ölçeg esasynda bilelikdäki hereketleri durmuşa geçirmek boýunça işjeň pikir alşyldy.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky  hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň Bitewi strategiýasynyň işläp düzülmegi ugrunda çykyş eden türkmen tarapynyň ony durmuşa geçirmek boýunça gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça netijeli serişdeleriň we gurallaryň ulanylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy hususan-da, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan täze syýasy-diplomatik gurallaryň ornaşdyrylmagyna seredilmegi teklip etdi.

Şeýle-de terrorçylygy we transmilli guramaçylykly jenaýaty maliýeleşdirmek bilen göreşmek boýunça sebit maslahatyny geçirmek babatyndaky Türkmenistanyň teklibi beýan edildi. Milli derejede kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan meseleleri hem agzalyp geçildi. Türkmenistan bu dostlukly goňşy ýurduň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginde iri energiýa, ulag we aragatnaşyk taslamalaryna hereketlendiriji güýç hökmünde garaýandygy beýan edildi.