TÜRKMENISTAN ÝHHG BILEN YNSANPERWER UGURDA HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRER

17-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar adam hukuklaryny, gender deňligini  goramak we ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň netijelerine seredip geçdiler. Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň üsti bilen ýurduň ÝHHG bilen özara hereketleriniň netijeli alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle-de ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti hem nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanda häzirki zaman sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ornaşdyrmak babatda bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň ösdürilmeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň möhüm orny beýan edildi.