TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA «BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar.
Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary I.Nematow, GDA ýurtlarynyň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory A.Iksanow, GDA ýurtlarynyň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Halkara gaznasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý dagylar gatnaşdylar.
Mundan başga-da maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň medeniýet, gurluşyk we binagärlik ulgamyna degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şeýle çäreleriň geçirilmeginiň sebit derejesinde özara düşünişmegiň hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Şonuň ýaly-da GDA-nyň çäklerinde Binagärlik we Şähergurluşyk ýylynyň, global derejede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňlendirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň medeni mirasyna we binagärlik sungatyna bagyşlanan wideorolik hem görkezildi.
«Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty plenar mejlislerde öz işini dowam etdi.