TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilen şu ýyl Türkmenistanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar astynda geçýär.

Ýurtda bu belli ýylda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli çäreleri geçirmek hakyndaky maksatnama laýyklykda, Türkmenistanda we daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz we wirtual görnüşde ýörite duşuşyklar, forumlar, olimpiýadalar, sergiler guralýar.

Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurtda tokaý zolaklaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Agzalan çäre Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.