Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny, şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Maltadan, Gonkongdan gelen täjirler polietileni hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň täjirlerine daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 49 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 8 million manatlyga golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.