TÜRKMENISTAN HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
Şu gün, 2021-nji 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň we ÝUNISEF-iň, şeýle-de ÝHHG-niň we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň ýurt we sebitleýin wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň ynsanperwerlik syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda Pudagara toparyň işine syn berildi. Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň halkara guramalary bilen özara hereketlere ýokary baha berýändigi we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.
Mejilisiň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, şeýle-de 2021-2023-nji ýyllar üçin halkara ynsanperwer hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryna seredildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO we ÝHHG bilen halkara hukuk binýadyny berkitmegiň, şeýle-de Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin adyl kazyýetligiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.