Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
2021-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Bişkek şäherindäki B.N.Ýelsin adyndaky gyrgyz-rus Slawýan uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi Ş.Meredow ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan belent sepgitleri, şeýle hem türkmen döwletiniň sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki goşýan ähmiýetli goşandy babatynda hem belläp geçdi.