TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlise synçy hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmak, ýurtlaryň arasynda söwdany ýeňilleşdirmek, gümrük hereketlerini dügünleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny berjaý etmek, halkara söwda standartlaryny girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi hem-de TIFA-nyň indiki mejlisini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şäherleriniň birinde geçirmek teklibi orta atyldy.