TÜRKMENISTANDA «MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI» ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda göni we sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen  halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik  ýörelgeleri» atly halkara forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylylgyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýylylgyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu çäre dünýäniň 18 ýurdundan 80-ne golaý ýokary wezipeli döwlet işgärlerini, görnükli alymlary, syýasaty öwrenijileri hem-de taryhçylary özünde jemledi we forumda 200-den gowrak çykyşlar diňlenildi.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministri O.Gurbanow, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýew çykyş ediler.

Wideoaragatnaşyk arkaly çärä gatnaşan Owganystanyň Maglumat we medeniýet ministriniň w.w.ý.ý. Mohammad Tahir Zuhair, Hindistanyň Dünýä işleri boýunça Geňeşiniň Baş direktory, ilçi, doktor Т.С.А. Raghawan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Hanisa Alişina, Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylyk we diplomatiýa Ylmy-barlag institutynyň döredijisi, prezidenti Farhat Asif, Gazagystan Respublikasynyň Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Takir Balykbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Oş Döwlet hukuk institutynyň ylym we halkara gatnaşyklar boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň doktory Baýbolot Abytow, Owganystanyň Kabul uniwersitetiniň professory Saýed Masud, Hytaýyň Lanjou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Wan Syhaý hem-de Täjigistanyň B.Gafurow adyndaky Hujant Döwlet uniwersitetiniň Ynsanperwer ylymlary institutynyň Gündogar döwletleriň siwilizasiýasynyň Ylmy merkeziniň direktory Zamira Gafarowa dagy forumyň esasy çykyş edenleriň hataryna degişlidir.

Wekiller watansöýüjilik, jebislik, abatlyk we ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary netijeli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlän Baýram hanyň döredijiliginiň baý taryhy ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da foruma gatnaşyjylar tarapyndan halkara gatnaşyklarynda medeni-siwilizasiýa gymmatlyklarynyň we özara düşünişmegiň hemmetaraplaýyn açylmagy amksady bilen öz döwrüniň serkerdesi we mugallymy bolan beýik şahsyýetiň medeni mirasynyň has çuň öwrenilmeginiň zerurlygy nygtaldy. 

Forum öz işini 4 sany bölümlerinde dowam etdi.