“MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMENIŇ EDEBI MIRASY WE MILLI TERBIÝÄNIŇ KÖKLERI”

Tükmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde  2021-nji ýylyň 31-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” temasy boýunça üçünji plenar mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň, şeýle hem Hindistanyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Gruziýanyň görnükli ylmy işgärleri, professorlary, taryhçylary we dilçi alymlary çykyş etdiler.

Ylmy çykyşlar zehinli şahyr we tejribeli döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijilik ýoly, onuň edebi döredijiliginiň aýratynlyklary, adamkärçilik garaýyşlary bilen bagly taryhy we edebi maglumatlara bagyşlanyldy.

Bellenilişi ýaly, taryhda Baýram han beýik serkerde hökmünde özüni görkezdi hem-de baý döredijilik mirasyny – türkmen we pars dillerindäki gazallary, rubagylary, kasydalary we ylmyň dürli ugurlaryndaky giňişleýin bilime esaslanýan nesihat beriji şygyrlary galdyrdy.