HALKARA FORUMYŇ DÖRDÜNJI SESSIÝASY “TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYŇ MEDENI-TARYHY GATNAŞYKLARY: ÇUŇŇUR KÖKLER WE HÄZIRKI ZAMAN MÜMKINÇILIKLERI”

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dördünji sessiýasy “Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” tema boýunça “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde plenar mejlisi geçirildi.

Mejlise dünýäniň we sebitiň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň, Angliýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Täjigistan Respublikasynyň B.Gafurow adyndaky Hujant Döwlet uniwersitetiniň Ynsanperwer ylymlary institutynyň Gündogar döwletleriň siwilizasiýasynyň Ylmy merkeziniň direktory Zamira Gafarowa: “Baýram hanyň döredijilik serişdelerini ulanmak, daş töweregindäki hakykaty görmek we ony edebi dilde beýan etmek ussatlygy, onuň döredijiliginiň şygryýeti, ritorikany, orta asyr edebiýatyny öwrenmekdäki möhüm çeşme bolup durýandygyny subut edýär. Şonuň üçin biz Baýram hanyň diňe ömri we döredijiligini çuňňur öwrenmeli däl-de, eýsem onuň döredijiliginiň edebi aýratynlyklaryny hem öwrenmelidiris” diýip belläp geçdi.

Mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň we Hindistanyň gadymy däp-dessurlarynyň hem-de baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ýakyn dostlukly gatnyşyklar dogrusynda durlup geçildi.

Mejlise gatnaşyjylaryň pikiriçe, bu forum diňe bir Baýram hanyň şahsyýeti, ömri we döredijilik ýoly baradaky bilimleri we düşünjeleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem halkara ylmy we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem möhüm goşant goşar.