TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASY BILEN STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň, şeýle-de söwda-ykdysady, energiýa, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi” Federal döwlet býujet edarasynyň, Statistika baradaky Federal döwlet gullugynyň, Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň, Döwletara teleradiokompaniýasynyň, Rus döwlet agrar uniwersitetiniň - K.A.Timirýazew adyndaky Moskwa oba hojalyk akademiýasynyň, “Sberbank” AGPJ-niň, “Gazprom” AGPJ-niň, “GAZPROM Schweiz AG”, “Raýat awiasiýasynyň Ural zawody” PJ-niň, professor Ýa.W.Samoýlow adyndaky “АО” НИУИФ” PJ-niň, Russiýanyň Göni maýa goýum Gaznasynyň, Rus Döwlet sirkiniň, “Moskwanyň Wernadskiý şaýolundaky Uly Döwlet sirkiniň”, “ОАО Krasswetmet” AGPJ-niň, “Transkapitalbank” bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
“Lukoýl” kompaniýasy bilen energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň konseptual meseleleri, şeýle-de meýilleşdirilýän anyk taslamalar barada maslahatlaşyldy.
Maşyngurluşyk pudagy boýunça “ПАО” KAMAZ” AGPJ-niň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly mümkinçilikleri bellenildi. Bu kompaniýany Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, bu gatnaşyklara syn berildi.
“MIR” DTRK we “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň maglumatlar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky gyzyklanmalary nygtaldy. Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ýokarda agzalan “Mir” we “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler” kompaniýalarynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça duşuşyklary dowam etdirmek meýilleşdirilýär.