TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY DÜNÝÄ SYÝASATYNDA YNAMY DIKELTMEGIŇ WE ÖZARA HORMATA ESASLANÝAN GEPLEŞIKLERIŇ MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegiň ähmiýetini we döwletara gatnaşyklarda BMG-niň Tertipnamasyndan ugur alynmagynyň zerurlygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy bilen berkidilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň öz wagtyndalygyny we ähmiýetini nygtady.
Şeýle-de Türkmenistan halkara meselelerini düzgünleşdirmekde bitaraplyk ýörelgesini netijeli ulanmak boýunça BMG-niň düzgünleriniň ýygyndysyny işläp düzmegiň üstünde işleýär. Bu gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak, olary parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek boýunça zerur şertleri döretmek üçin bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik gurallaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.
Ministr agzalan ugur we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki birnäçe meseleler boýunça iş ýüzündäki hyzmatdaşlyga çagyrdy.