TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary derejedäki özara saparlary gurnamak babatda iki döwletiň gyzyklanmalary beýan edildi.  Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Taraplar sebit hyzmatdaşlygynda, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-niň platformasynda oňyn beýanyny tapýan iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler.  Sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebit-gaz we gazhimiýa, elektroenergiýa, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribeleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen Ykdysady hyzmatdalyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, lukmançylyk babatda hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.