TÜRKMENISTAN WE ÝUNOPS – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasy ÝUNOPS-yň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen söhbetdeş boldy, ol ÝUNOPS-yň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.

1. Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) – BMG-niň ulgamy üçin taslamalary durmuşa geçirýän bu guramanyň amallar boýunça bölümi bolup durýar. ÝUNOPS-yň esasy wezipeleri haýsylar?   

BMG-niň maşgalasynyň agzasy hökmünde ÝUNOPS-yň taslama dolandyrylyşy, infrastruktura we satyn almak amallary ulgamynda hökümetlere, BMG-niň agentliklerine we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlaryna hyzmatlaryň berilmegi babatyndaky ygtyýarlygy, seljermesi we tejribesi bardyr.

ÝUNOPS – bu BMG-niň ulgamyndaky özboluşly guramadyr. Ol gatnaşyjy-ýurtlardan goýumlary kabul etmeýär-de, öz çykdajylaryny örtmek üçin tutuşlygyna taslamalara bil baglaýandyr. Bu bolsa öz gezeginde hyzmatdaşlaryň wezipeleriniň tiz we netijeli durmuşa geçirilmegi babatynda ÝUNOPS-yň çeýe hem-de ykjam bolup galmagyna mümkinçilik berýär. 

Soňky ýylyň dowamynda ÝUNOPS ähmiýetli derejede ösüş gazandy. 2020-nji ýylda biz dünýäniň 80 ýurdunda umumy bahasy 2,2 milliard dollardan hem ýokary bolan 1000-den gowrak taslamalary durmuşa geçirdik. Şonuň ýaly hem biziň, Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyza aýratyn derwaýys lukmançylyk enjamlarynyň we materiallarynyň üpjün edilmegi, mekdepleriň gurluşygy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça çärelere goldaw bermek bilen birlikde dürli ugurly taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde ähmiýetli tejribämiz bardyr.  

Biz özümiziň Türkmenistanda işläp başlamagymyza aýratyn hoşaldyrys we ýurduň hökümeti, BMG-niň ýurt boýunça topary hem-de beýleki hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 

2. ÝUNOPS bilermenlik başarnyklaryny üpjün etmek arkaly hem ýurtlara Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda goldaw berýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň Türkmenistandaky mümkinçilikleri barada gürrüň berseňiz?  

ÝUNOPS eýýäm häzirki wagtdan Türkmenistanyň durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin hökümet, BMG-niň agentlikleri we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen özara hereket edip biljek ugurlarymyzyň kesgitlenilmegi üçin utgaşdyryjy-dahyllysynyň ýolbaşçylygynda BMG-niň ýurt boýunça topary bilen birlikde işleýär.

Has takyk aýdylanda bolsa, biz saglygy goraýyş ulgamy we howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ýurtda eýýäm bar bolan hyzmatdaşlyklary hem-de başlangyçlary öwreneris. ÝUNOPS ösüş taslamalarynyň netijeli dolandyrylmagy, degişli infrastruktura paýnamalarynyň döredilmegi, zerur bolan hartylaryň hem-de hyzmatlaryň netijeli, aç-açan we tygşytly satyn alynmagy hem-de üpjün edilmegi üçin şu we beýleki ulgamlarda özüniň global seljermesini hem-de tejribesini teklip eder.  

3. ÝUNOPS Türkmenistanda özüniň işine üstünlikli başlady. Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda ilkinji nobatda haýsy bilelikdäki taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär?

Ýakyn geljekde ÝUNOPS saglygy goraýyş ulgamynyň güýçlendirilmegi hem-de ýurduň ilatynyň we lukmançylyk işgärleriniň bähbidine Türkmenistanyň pandemiýalara taýýarlygynyň güýçlendirilmegi ugrunda işleri alyp barar. ÝUNOPS-yň kuwwatly global hyzmatdaşy bolan Ýaponiýanyň hökümetiniň sahy goýumynyň netijesinde biz 2022-nji ýylyň martyna çenli döwür içinde bahasy 2,8 million dollara barabar bolan başlangyjy durmuşa geçirýäris. ÝUNOPS lukmançylyk enjamlaryny we materiallaryny satyn almak hem-de olaryň 15 hassahana we lukmançylyk merkezlerine üpjün edilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti, şeýle-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen öz işini ysnyşykly utgaşdyrar we özara hereketleri durmuşa geçirer. ÝUNOPS şonuň ýaly-da lukmançylyk işgärleri üçin okuwlary geçirer we serwis hem-de durnukly işlemeginiň ýokary derejesini gazanmak babatynda kepillikli hyzmat edilmegini üpjün eder.  

4. ÝUNOPS-yň Aşgabatdaky işleri haýsy ulgamlary öz içine alar?

Geljege nazar salsak, ÝUNOPS BMG-niň ulgamy, Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlär hem-de biziň BMG-niň amallar boýunça düzüm birligi hökmündäki ygtyýarlyklarymyza laýyklykda, taslama dolandyrylyşy, infrastruktura we satyn almalar ulgamynda öz hyzmatlaryny berer.

Biz ÝUNOPS-yň we biziň üpjün edýän bilermenlik goldawymyzyň oňyn itergi berjekdigine we ýurtda uzakmöhletleýin hereket etmegimiz üçin ähmiýetli mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.

5. Siz DÖM-na ýetmek ugrunda Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ulag, energetika we ynsanperwer ösüş ulgamyndaky başlangyçlaryna hem-de taslamalaryna nähili baha berýärsiňiz?   

Infrastruktura we energetika ulgamyndaky netijeli başlangyçlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle-de Pariž ylalaşygyna laýyklykda talap edilýän ýaşyl ykdysadyýete geçmek babatynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Degişlilikde, bu milli zerurlyklar we ileri tutmalar ösüş meýilnamalarynda şöhlelendirilendir we BMG-niň ulgamy Türkmenistanyň durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Çarçuwaly maksatnamasy arkaly olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek ugrunda işleri alyp barýar.

ÝUNOPS öz ygtyýarlyklaryna hem-de seljermesine laýyklykda taslamalaryň dolandyrylyşy, infrastruktura we satyn almalar ulgamlarynda netijeliligiň ýokarlandyrylmagy bilen ýurduň Hökümeti hem-de BMG-niň ulgamy bilen birlikde işlär we özüniň degişli goşandyny goşar. Biz häzirki we geljek başlangyçlaryň netijeli amala aşyrylmagyna hem-de giňeldilmegine itergi bermek üçin özümiziň tehniki goldawymyzy, şol sanda dolandyryş mümkinçiliklerimizi bermäge taýýardyrys.