img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Apr

Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadagy...

DOWAMY
pic
13 Apr

Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanyň Ilçisiniň «Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty» milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow «Tashkent irregasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýa inženerleri instituty» ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň oňyn we dostlukly häsiýeti bellenildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen «Taşkent suw hojalygy we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyryş inženerleri instituty» Milli barlag uniwersitetiniň ara...

DOWAMY
pic
10 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarl...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol karta...

DOWAMY
pic
30 Ýan

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkme...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy. Russiý...

DOWAMY