SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryň yzygider...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklar...
Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Marokkonyň wekiliýetine Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministrliginiň Aziýa we Okeaniýa...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň möhümdigi hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň ç...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getiren pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abad...
KHBS üçin maglumat
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendi...