SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Irden Söwda-senagat edarasynyň öň...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27–28-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyna gatnaşyjy döwletleriň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Formatyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdunyň çykyşy bilen açylan mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar köpugurly hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar 2025-nji ýyl boýunça bilelikdäki işleriň jemini jemläp, oz...
Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýykl...
Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Türkmenistanda täze bellenen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işini amala aşyrmaga zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny beýan et...
Kiýewde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni we bilim sungat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy aprelinde Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy paýtagtyň Swýatoşinsk etrabynyň bilim edaralary we döredijilik gurnaklary bilen bilelikde “Ahalteke aty: çeper keşplerde gözellik, ýyndamlyk we asyllylyk” atly interaktiw programma bilen uly möçberli medeni we bilim çäresini geçirdi. Bu medeni çäre Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň, ýurdumyzyň garaşsyzlyg...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bil...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi. Öz ge...