RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISINI KABUL ETDI

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyz...

DOWAMY
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ITALIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önje...

DOWAMY
14 Noý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işew...

DOWAMY
13 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna g...

DOWAMY
13 Noý

TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly...

DOWAMY
12 Noý

Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap tegelek stol gurnady. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ozal işlän Ilçileri – diplomatlar, ylmy işgärler gatnaşdylar. Tegelek stoluň barşynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň halkara we sebitleýin durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky orny, şeýl...

DOWAMY
12 Noý

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Malaýziýada akkreditirlenen Ilçiler, diplomatlar, Malaýziýanyň Strategiki we halkara barlaglar institutynyň dolandyryş müdiri...

DOWAMY