RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Noý

TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly...

DOWAMY
12 Noý

Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap tegelek stol gurnady. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ozal işlän Ilçileri – diplomatlar, ylmy işgärler gatnaşdylar. Tegelek stoluň barşynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň halkara we sebitleýin durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky orny, şeýl...

DOWAMY
12 Noý

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Malaýziýada akkreditirlenen Ilçiler, diplomatlar, Malaýziýanyň Strategiki we halkara barlaglar institutynyň dolandyryş müdiri...

DOWAMY
12 Noý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Horma...

DOWAMY
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyl...

DOWAMY
11 Noý

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...

DOWAMY
10 Noý

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasyndaky teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahata iňlis, türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Rumyn tarapyndan bolsa Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktoryň orunbasa...

DOWAMY