RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyl...

DOWAMY
11 Noý

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...

DOWAMY
10 Noý

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasyndaky teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahata iňlis, türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Rumyn tarapyndan bolsa Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktoryň orunbasa...

DOWAMY
10 Noý

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda (ÝHHG) geçirilen okuw maslahatynda Türkmenistanda sanly habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Webinara gatnaşmaga Daşary işler ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekilleri çagyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyn...

DOWAMY
10 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygär...

DOWAMY
10 Noý

Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan mini-futbol boýunça sport ýaryşy guraldy. Ýaryşa bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de diplomatlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi sport çäräni açdy hem-de öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we ber...

DOWAMY
10 Noý

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...

DOWAMY