SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasy we YHG bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamalary kabul etdiler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlar gelip gowuşdy. Bu habarlar Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de milletl...
Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çykyş edip, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ý...
ТУРКМЕНИСТАН ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В МЕРОПРИЯТИИ ВЫСОКОГО УРОВНЯ ООН
8 декабря 2020 года в режиме видеоконференции состоялось мероприятие высокого уровня по объявлению взносов в Центральный фонд реагирования на чрезвычайные ситуации, созданный 15 лет назад в соответствии со специальной резолюцией Генеральной Ассамблеи ООН. По поручению Президента Туркменистана в этом форуме принял участие министр иностранных дел Туркменистана. В выступлении главы внешнеполитического ведомства страны было подчеркнуто, что Туркменистан и его Президент, основываясь на принципа...
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...
DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz MASYH Maksatnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalary doly goldaýar. Sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, Bitarap Türkmenistan bu ugurdaky...
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişine garaldy, sanly ulgama geçmek, oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligini artdyrmak, ilatymyzy dürli azyk önümleri bilen boleli...