SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş d...
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan, wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň bilermenleri hem-de beýleki hünärmenler degişli dünýä tejribesiniň syny, şol sanda işewürlik üçin pandemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak babatda işler bilen tanyşdyrdylar. Şu günki maslahat ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdür...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň telekeçileri dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, EСO-93 ulag benzinini (“Türkmengaz” döwlet konserni), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideo...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
«Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mähriban halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara ylmy maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin! Horma...