SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni we ECO-93 awtobenzini («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan reňklenen tüýjümek önümleri, nah...
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň...
Türkmen Lideri we BAE-niň Wise-prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady. Milli Liderimiz ýokary ahlak gymmatlygyny, ruhy tämizligi we ynsanperwerligi özünd...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwer...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz her bir musulmanyň durmuşynda şanly waka bolan we yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan bu ajaýyp senäniň möhümdigini belläp, Şawk...
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir “Sanlylaşdyrmagyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk üpjünçiligi” atly makala bilen açylýar. Onda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň beril...
TELEFON ARKALY SÖHBETEŞLIGIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN-BRITAN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...