SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...
Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy konsert bilen garşylanýar
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň mejlisler zalynda türkmen talyplary, dürli ýurtlaryň talyplary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan "Kalbyň sazy" atly onlaýn konsert geçirdiler. Onlaýn tomaşaçylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen we daşary ýurt dillerindäki estrada we milli aýdymlary diňlediler. Türkmenistanyň dürli ugurlard...
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda gurluşyk ulgamyndaky we senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna garaldy hem-de bu ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen göni aragatna...
MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň M...
GDA-NYŇ PLATFORMASYNDA YNSANPERWER HYZMATDAŞLYK GÜÝÇLENDIRILÝÄR
Şu gün, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar bu ugurda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary barada pikir we teklip alyşdylar hem-de geljek döwür üçin bilelikdäki hereketleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, GDA ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri hasapl...
TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK EDEN DÖWRÜNDE WE HAZAR SAMMITLERINDE KABUL EDILEN RESMINAMALAR BARADAKY ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY
“Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” we “Hazar sammitlerinde kabul edilen resminamalaryň ýygyndysy” atly täze neşirler çapdan çykdy. Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. 2017-2019-njy ýyllarda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Şol döwür dürli derejedäki çäreler geçirildi we olaryň netijesinde degişli resminamalar kabul edildi. Bularyň ählisi “Türkmeni...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE ÝAKYN HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGI UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
Göni aragatnaşyk ulgamy arkaly 10-njy dekabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy. Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri "GDA-nyň çäklerinde takyk kesgitlenen ýygylyk we gün tertibi bilen özara gatnaşyklary has hem jebisleşdirmegiň zerurdygyny" belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...