SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-A GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edralary...
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Tanyşdyrylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Russiýanyň diplomatik missiýasynyň hünärmenleri, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professo...
«MERKEZI AZIÝA + OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY + HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Owganystan Yslam Respublikasy + Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy-...
TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
BMG-niň Baş Assambleýasy we YHG bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamalary kabul etdiler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlar gelip gowuşdy. Bu habarlar Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de milletl...
Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çykyş edip, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ý...