SOŇKY HABARLAR
HALKARA ULAG FORUMYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp masl...
ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşa...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragtanşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy. ...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary birek-birege ýagşy arzuwlary aýdyp, telefon arkaly gepleşikde ynanyşmak we özara goldaw bermek esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň birn...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Şu gün Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Irden döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýeri...