SOŇKY HABARLAR
Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy
Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys. Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün e...
Tükmenabadyň hem-de Wolgogradyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlan-duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň ýardam bermeginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (TDMI, Türkmenabat ş.) bilen Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi. «Bitarap Türkmenistan – mümkinçilikleriň we ösüşiň merkezi» temasyndan bilelikdäki çärä bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar. Onlaýn-duşuşyk WDSPU-nyň rektory, prof...
Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Ol sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşü...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki goňşy ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde netijelilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşy...
TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öw...
TÜRKMENISTAN UCI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ug...