SOŇKY HABARLAR
Medeniýet, sungat we KHBS ulgamynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şu ýyl bu möhüm çäräniň ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilmegi guralýan dabar...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň medeniýet ministrine "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly at dakdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A.Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ö...
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi
Şu gün dynç güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi. Bu bolsa çagalaryň dynç alyş möwsüminiň ýatda galyjy wakalara beslenmegini şertlendirdi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan, “behişdi bedewlerimiziň” dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagy, atşynaslyk däpleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmaga w...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmeginde g...
Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy
Ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymgulynyň Ankaradaky «Türkmenistan» seýilgähinde goýlan ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady. Dabara Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçin Topçu, medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslan, şeýle hem DIM-iň wekilleri Ali Kaan Orbaý we Aşkyn Çakmak, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň o...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polipropilen we polietilen («Türkmengaz» DK) Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň täjirleriniň söwdalarynyň esa...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Hormatly watandaşlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin! Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ha...