SOŇKY HABARLAR
Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we Ýa.Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-maslahat gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Grodno döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, türkmen we daşary ýurt talyplary, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty bu ýokary okuw jaýynyň prorekt...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilki başdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassine däp b...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketletiň giň toplumy boýunça netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Ulag, söwda, energetik...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolup durýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň goň...
Sagdyn durmuş ýörelgesi – her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriniň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär. Hormatly Prezidentimi...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önd...
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly komp...