SOŇKY HABARLAR
22-27-nji iýun aralygynda Daşoguzda Medeniýet hepdeligi-2020 geçiriler
Daşoguz welaýaty Medeniýet hepdeligi-2020-ni kabul etmäge taýýarlyk görýär. 22-nji iýundan 27-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň demirgazyk sebiti beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelýän ýurduň döredijilik bileleşiginiň wekilleriniň hünär baýramy mynasybetli özboluşly dabaralaryň, medeni çäreleriň we täze premýeralaryň merkezine öwrüler. Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň köpugurly taryhy-medeni mirasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde-de...
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýaş serkerdeleriň gutardyş dabaralary
Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde başlandy. Bu ýerde watançy esger, ilhalar ynsan we durmuş ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen B.Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Soňra Harby akademiýanyň, Goranm...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna Mähriban uçurymlar! Sizi «Tür...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýä...
TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Henik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...
HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...