SOŇKY HABARLAR
Tokioda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, şeýle hem 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň “Asahi shimbun”, “NHK”, “Kyodo news”, “Mainiehi”, “Sumitomo global research”, “Japan-Eurasia Soeiety” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ýap...
Türkmen elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty artýar
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi. Duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurma...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp m...
Buharestde Türkmenistanyň bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2020-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Politehniki uniwersiteti bilen birlikde «Bitarap Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasaty: türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti» ady bilen tegelek stoly geçirdi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen Oguzhan adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory H.Kadyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistandan Rumyniýa bardy. Tegelek stoluň işine Buharestiň Politehniki uniwersit...
Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahat...
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy...