SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandylar, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tom...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyma
Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeld...
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ahal-teke bedewleriniň waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Olaryň awtorlary atyň türkmeniň durmuşyndaky ähmiýeti barada şahyrana pikir ýöredýärler. Ahal-teke bedewleri milli sungatda erkinligiň, hyjuwyň, gaýratyň we gözelligiň metaforasy bolup çykyş edýär. «Asman» atlarynyň asylly ädim urşuna we nepis hereketlerine söýünçli bakman durup bolmaýar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» atly suratyn...
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçyl...
Atçylyk pudagynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglar we hormatly...
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşen metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol günde Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhanyň ilkinji sürelerini gönderipdir. Şu mukaddes aýda ynsan diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ahlak, ruhy taýdan päklenýär, onuň sogap işlere bolan ynamy art...
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara...