img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ BSG-DA SYNÇY DEREJESINI ALMAGYNYŇ MESELESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp ma...

DOWAMY
pic
2 Maý

Maýa Kulyýewa bagyşlanan aýdym-sazly agşam

Diri gezip ýörenliginde 1-nji maýda Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa 100 ýaş toýuny toýlardy (1920-nji ýylyň 1-nji maýy – 2018-nji ýylyň 27-nji apreli). Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda ady türkmen opera sungatynyň taryhynyň şanly sahypalary bilen bagly opera ussadyna çäksiz söýgüniň nyşany hökmünde we onuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan aýdym-saz agşamy geçirildi. Onda milli nusgawy mekdebiň ussatlary opera aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Resul Gylyjowyň ý...

DOWAMY
pic
2 Maý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy....

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY
pic
1 Maý

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Ermenistanyň küşt birleşmeleriniň arasynda widekonferensiýa

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Ermenistanyň küşt birleşmeleriniň arasynda widekonferensiýa geçirildi. Onlaýn-duşuşyga iki ýurduň küşt federasiýalarynyň we akademiýalarynyň wekilleri, küşt boýunça sport ussatlary, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) halkara eminleri we tälimçileri, grossmeýsterler gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Milli Küşt Federasiýasynyň başlygy Myratdu...

DOWAMY
pic
1 Maý

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi

Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar. Ara alyp maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak, assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew toparyny saýlamak bara...

DOWAMY
pic
1 Maý

BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...

DOWAMY