RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Apr

Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekilli maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Belarus Respublikasynyň Baranowiçi şäheriniň Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekilli maslahat geçirildi. Agzalan çärä uniwersitetiň rektory W.I.Koçurko, prorektorlary, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Ilçihananyň işgärleri, uniwersitetde okaýan türkmen talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.    Rektor W.I.Koçurko öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň p...

DOWAMY
pic
22 Apr

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARYNYŇ MEDENIÝET MINISTRLIKLERIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen  sebit ýurtlarynyň medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamlary  hakynda pikir alyşdylar, taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamyndaky gatnaşyklar barada belläp geçdiler, şeýle-d...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi. Abraýly guramalaryň wekilleri çagyrylan şol iri maslahat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şyg...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz we iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda strategiki häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bil...

DOWAMY
pic
22 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.  Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenis...

DOWAMY
pic
22 Apr

DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...

DOWAMY