SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Azerbaýjan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine ähmiýet...
Bişkekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi
2020-nji ýylyň 11-nji martynda, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler minstrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiik akademiýasynyň binasynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýsaty, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň guraly” atly tegelek stoly geçirdi. Çäräniň işine Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gyrgyz Respublikasyndaky daşary ýurt Ilçileri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw jaýlar...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar. Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabul...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Seýsmiki ýagdaýa dunukly gurluşyk YBI täze binasyna göçer
Bekrewe ýaşaýyş jaýlar toplumynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň golaýynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze binasy gurulýar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Кämil ymarat» hususy kärhanasy bilen taslamany durmuşa geçirmäge şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda SÝDGYBI-nyň edara we laboratoriýa jaýlary bina edilýär. Binany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 12 müň inedördül metrd...
Germaniýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreler dowam etdirilýär
Edil Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. Şunlukda jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň awtobuslary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da ýerli «МК-Germaniýa» gazetinde şu ý...
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minist...