SOŇKY HABARLAR
«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologi...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman milli Liderimiz bilen salamlaşyp, GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljegini nazar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda S.Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezip...
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministriniň Türkmenistana sapary
2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Sizi öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdys...
Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumla...
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde ileri tutýan ugurlaryndan gelip çykýan başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň özara hereketlerine aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň saklanylmagy we ha...